Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynda hem mekdep bazarlarynyň işi talabalaýyk derejede ýola goýuldy.
Täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda alyjylary zerur okuw esbaplary, lybaslar bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin Hazarýaka sebitiň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň we söwda nokatlarynyň 30-dan gowragy açyldy. Olar häzirki wagtda ilata göwnejaý hyzmat edýär. Hödürlenilýän harytlaryň agramly bölegi ýerli önüm öndürijilere degişli. Bu hem olaryň ýokary hilliligine we elýeter bahasyna oňyn täsir edýär.
Sebitiň ähli etrap-şäherlerinde mekdep bazarlary ir ertirden gijagşama çenli hereket edýär. Mekdep bazarlary, söwda nokatlary köýnekleri, aýakgaplary, tahýalary, torbalary, depderleri, gündelikleri, galamlary, okuw esbaplaryny we beýleki zerur harytlary alyjylara hödürleýärler. Okuw esbaplaryny söwda merkezleriniň internet sahypalaryndan, onlaýn dükanlardan sargyt etmäge hem mümkinçilik döredilendir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.