Turkmenportal logo
Düýn 16:36
82258225
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär

Türkmenistanda ýaş programmaçylary, işläp düzüjileri we oýlap tapyjylary goldamaga gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar we startaplar bäsleşigine arzalaryň kabul edilmegi dowam edýär. Gatnaşyjylar milli ykdysadyýeti ösdürmegiň we ýurduň sanly özgertmelerini ilerletmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän sanly çözgütlerini ýedi ugur boýunça hödürläp bilerler.

Bäsleşik 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär. Onuň esasy maksady ýaşlary döwrebap programma üpjünçiligini, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologik çözgütleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.

Däp bolşy ýaly, bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar hem-de ýaş hünärmenler özleriniň sanly taslamalary bilen gatnaşýarlar. Şu ýyl bäsleşik ýedi esasy ugry öz içine alýar. Olar emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyryş, akylly oba hojalygy tehnologiýalary, Smart City konsepsiýasy, sanly bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem döwrebap hyzmatlar ulgamyndaky sanly çözgütlerdir.

Hödürlenen taslamalara ýörite döredilen bilermenler topary tarapyndan baha berler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileriň atlary ýylyň ahyrynda däp bolşy ýaly geçirilýän «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde dabaraly ýagdaýda yglan ediler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar elektron görnüşde telecom.tm resmi internet portaly arkaly we mincom.gov.tm kabul edilýär. Bu portalda ýaş işläp düzüjiler we innowasion pikirleriň awtorlary hasaba alnyp, öz taslamalaryny hödürläp bilerler.

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär | Turkmenportal.com