Turkmenportal logo
Şu gün 16:27
28242824
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda 21 medal gazandy

Türkmenistanyň ýygyndysy Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen karate boýunça WKF tarapyndan guralan Merkezi Aziýanyň XI çempionatynda 21 medala – 4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medala mynasyp boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan jemi 421 türgen gatnaşdy. Olar kadetleriň, ýetginjekleriň we ulularyň arasynda kata (tehniki hereketleriň toplumy) hem-de kumite (tutluşyk) görnüşleri boýunça dürli medallar ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň ilkinji gününde tälimçiler Aýdyň Çaryýewiň, Esenbaý Ýazmedowyň, Maksat Atdaýewiň we Serdar Muhammetnazarowyň ýolbaşçylygynda çykyş eden türkmen türgenleri kata boýunça 4 medal – 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. Ikinji gün kumite boýunça ýene-de 9 medal – 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal topladylar. Jemleýji günde bolsa Türkmenistanyň ýygyndysy ýene 8 medala – 1 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medala eýe boldy.

14–15 ýaşly oglanlaryň 63 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäherindäki 61-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyyew çempion boldy. Şol bir agram derejesinde kümüş medaly Aşgabat şäherindäki 7-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Remezan Gurbanow gazandy.

16–17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew (55 kilograma çenli) hem-de Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Diana Gorinowa (66 kilograma çenli) kümüş medallara mynasyp boldular.

14–15 ýaşlylaryň arasynda bürünç medallary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Remezan Orazmämmedow (57 kilograma çenli) hem-de Aşgabat şäherindäki 62-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nurana Amandurdyýewa (61 kilogramdan ýokary) gazandylar. 16–17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annaoraz Azadow (68 kilograma çenli) bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem uly ýaşlylaryň 84 kilogramdan ýokary agram derejesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 5-nji ýyl talyby Arslan Babanazarow bürünç medal gazandy.

36 türgenden ybarat Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda dördünji orny eýeledi. Türkmen türgenleri 3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Täjigistanyň, şeýle hem 1 altyn, 1 kümüş we 7 bürünç medal gazanan Özbegistanyň ýygyndylaryndan öňe geçdi. Umumy hasapda ilkinji üç orny degişlilikde Gazagystanyň (41 altyn, 43 kümüş, 72 bürünç), Eýranyň (8, 3, 8) we Gyrgyzystanyň (6, 7, 11) ýygyndy toparlary eýeledi.