Turkmenportal logo
Şu gün 12:13
35003500
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Hazar deňziniň güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahat bilen belleniler

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi gurar.

Hazar deňziniň güni her ýyl Hazarýaka döwletleri tarapyndan bellenilip, dünýäniň iň uly içerki suw howdanynyň ekologiýasyny we biologik köpdürlüligini gorap saklamak meselelerine bagyşlanýar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, maslahat Hazar deňzini goramak bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolar.