Turkmenportal logo
Şu gün 10:33
30863086
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary Bolgariýadan 6 altyn we 3 kümüş medal bilen dolandylar

Türkmenistanly talyplar Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde 27-nji iýul – 3-nji awgust aralygynda geçirilen 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMC-2026) uly üstünlik bilen çykyş etdiler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, türkmen ýygyndy toparynyň hasabynda 9 medal: 6 altyn we 3 kümüş medal bar.

Olimpiadada Türkmenistana Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary wekilçilik etdiler.

Olimpiada Londonyň uniwersitet kolleji (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) hem-de Amerikan uniwersiteti (Bolgariýa) tarapyndan bilelikde guraldy.

Bäsleşik iňlis dilinde iki tapgyrda geçirilip, olaryň her birinde gatnaşyjylara ýokary çylşyrymlylykdaky 5 sany meseläni çözmek tabşyryldy.

Bu ýyl olimpiada 47 ýurtdan 450-ä golaý ýokary okuw mekdebiň talyplary gatnaşdy.