Turkmenportal logo
Şu gün 09:07
18201820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yslamabatda Türkmenistan bilen HPK-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

4-nji awgustda Halkara Parlamentariýler Kongresiniň (HPK) Baş sekretary, senator Sitara Aýaz bilen Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşyldy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitiň parlament agzalarynyň arasynda dialogyň giňeldilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky institusional hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny we parlament forumlaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Senator Sitara Aýaz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, bu netijeli dialog üçin hoşallygyny beýan etdi.