Turkmenportal logo
Şu gün 12:10
19091909
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň energetika pudagynyň hünärmenleri Germaniýada tejribe alyş okuwyny geçýärler

Türkmenistanyň energetika pudagynyň hünärmenleri 25-nji iýuldan 16-njy awgust aralygynda Germaniýada halkara tejribe alyş okuwyny geçýärler. Bu barada turkmengaz.gov.tm resmi internet saýtynda habar berilýär.

Tejribe alyş maksatnamasyna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Tejribe alyş okuwynyň maksatnamasy «Klaustal» tehniki uniwersitetinde geçirilýär we ylmy-tehniki tejribäni öwrenmäge, häzirki zaman sanly usullary ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Saparyň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de senagata emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.

Maksatnamanyň jemleýji tapgyrynda türkmen wekiliýeti Germaniýadaky kükürtli gazy gaýtadan işleýän iri senagat kärhanasyna, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň esasynda işleýän elektrik stansiýalaryna baryp görer.

Bu tejribe alyş okuwy Ýewropa Bileleşiginiň we GIZ guramasynyň «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça çäreler» atly strategik taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.