2–7-nji awgust aralygynda Aşgabatdan we Arkadag şäherinden 10 mekdep okuwçysy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Surreýa uniwersitetinde geçiriljek «International World Innovative Student Exhibition» (iWISE) halkara meýdançasynyň bäsleşigine gatnaşar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bäsleşik STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlary, şeýle hem robototehnika, iňlis dili we sungat boýunça gatnaşyjylaryň bilimini hem-de başarnyklaryny görkezmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň toparyna Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Aşgabat şäherindäki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň taryh mugallymy Goçmyrat Baýramow ýolbaşçylyk edýär.