Turkmenportal logo
Şu gün 18:13
10741074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awgustda Mongoliýada geçiriljek COP17 maslahatyna ýokary derejeli türkmen wekiliýeti gatnaşar

Şu gün Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk türkmen diplomatynyň Tailand Patyşalygyna gulluk iş saparynyň çäklerinde Bangkok şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) edarasynda guraldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNESCAP-yň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar durnukly ösüş, ykdysady hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de çölleşmä garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň awgustynda Mongoliýada geçiriljek COP17 we 2027-nji ýylyň aprelinde Şanhaýda geçiriljek UNESCAP-yň 83-nji mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.