Turkmenportal logo
Şu gün 12:44
21642164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynyň çägindäki ýataklardan 12 milliard kub metre golaý tebigy gaz alyndy

2026-njy ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynyň çägindäki «mawy ýangyçly» ýataklardan 12 milliard kub metre golaý tebigy gaz alyndy. Şol möçberiň 5 milliard kub metrine golaýyny çykarmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň paýyna düşdi. «Türkmen gündogary» gazetiniň berýän habaryna görä, müdirligiň işgärleri bellenen meýilnamadan ep-esli öňe geçdiler.

Hasabat döwründe müdirlik boýunça 4 milliard 966 million kub metr tebigy gaz çykaryldy. Başgaça aýdylanda, meýilleşdirilen möçberden 494 million kub metr köp «mawy ýangyç» alyndy. 

Umumy netijäniň emele gelmeginde müdirligiň liniýa-önümçilik bölekleriniň hersiniň öz paýy bar. Demirgazyk-Balguýy böleginde 622 million 700 müň kub metrlik meýilnamanyň ýerine 685 million kub metr tebigy gaz çykaryldy. Naýyp böleginiň gazçylary hem 181 million 200 müň kub metrlik sepgidi 193 million kub metre ýetirdiler.

Müdirligiň önümçilik görkezijilerinde Kükürtli liniýa-önümçilik böleginiň saldamly orny bar. Bu ýerde 3 milliard 668 million 100 müň kub metr tebigy gaz çykarmak göz öňünde tutulan bolsa, hakykatda, 4 milliard kub metrden hem gowrak gaz alyndy. 

Gaz çykarmak bilen birlikde, gaz kondensatynyň önümçiliginde hem ýokary ösüş gazanyldy. Ýylyň başyndan bäri 13 müň 421 tonna kondensat öndürmek meýilleşdirilip, onuň möçberi 16 müň 768 tonna ýetirildi. Şeýlelikde bellenen möçberden 3 müň 347 tonna köp önüm alyndy.