Turkmenportal logo
Şu gün 11:07
48784878
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebapda nebit ýol bitumynyň önümçiligi artdy: 6 aýda 12,7 müň tonna önüm

Lebap welaýatynda şu ýylyň alty aýynda 12,7 müň tonna nebit ýol bitumy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilikde 2,4 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bitum önümçiliginiň möçberi 300 tonna artdy. Bu ösüş «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önümçiligiň durnukly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Nebit ýol bitumy ýol gurluşygynyň iň zerur serişdeleriniň biridir. Ol asfalt-beton garyndysynyň düzüminde mineral serişdeleri özara berk baglanyşdyrýan esasy önüm hökmünde ulanylýar. Bitumyň hili ýoluň berkligine, ulaglaryň agramyna, howanyň ýokary we pes temperaturasyna hem-de çyglylygyň täsirine durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin bu önümiň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy diňe bir nebitgaz senagaty üçin däl, eýsem, ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi üçin hem uly ähmiýete eýedir.

Kärhanada esasy üç tehnologik desga, ýagny ýylda 6 million tonna nebiti ilkinji gaýtadan işlemäge niýetlenen ELOU-AWT-6 desgasy, ýylda 500 müň tonna göni kowlan benzini gaýtadan işleýän LÇ 35-11/500 katalitik riforming desgasy hem-de ýol bitumyny öndürýän ýörite desga hereket edýär.

Zawodyň ýol bitumyny öndürýän desgasynyň taslama kuwwaty ýylda 37 müň 200 tonna deňdir. Bu ýerde nebit ýol bitumy bilen birlikde, agyr we ýeňil wakuum gazoýly hem öndürilýär.

Häzirki wagtda kärhanada bitumdan başga-da, A-80, A-92 we A-95 kysymly awtomobil benzinleri, dizel ýangyjy, mazut, ekstraksiýa benzini we suwuklandyrylan gaz ýaly önümler öndürilýär.