Turkmenportal logo
Şu gün 10:06
49884988
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi bilen Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş. Geldinazarow 23-nji iýulda Male şäherinde Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ulag-aragatnaşyk we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Çeşmede bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ozal biz Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky ilçisiniň Maldiwleriň Prezidentine ynanç hatyny gowşurandygy barada habar beripdik.