Turkmenportal logo
Düýn 22:01
26222622
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-nde adam hukuklary boýunça halkara borçnamalary maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de geljekki döwür üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Gatnaşyjylar 2024 – 2026-njy ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna seredip, pudagara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamanyň halkara ülňülerini we Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny nazara almak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda adam hukuklary babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň döwletiň ynsanperwer häsiýetini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen Pudagara toparyň işiniň geljekki esasy ugurlary kesgitlenildi.