Turkmenportal logo
Düýn 11:08
1214612146
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Şanhaýdaky halkara ýaşlar dostluk lagerine işjeň gatnaşdylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan ybarat wekiliýet 12–22-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 20-nji Şanhaý halkara interaktiw ýaşlar dostluk lagerine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, halkara çäresi dünýäniň 17 döwletinden gelen 107 mekdep okuwçysyny bir ýere jemledi.

Türkmen okuwçylary lageriň maksatnamasynyň çäklerinde guralan «Mini-Expo» sergisinde öz ýurdunyň baý milli-medeni mirasyna mynasyp derejede wekilçilik etdiler. Milli diwarlykda türkmen halkynyň taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklary giňden görkezildi.

Halkara dostluk lageri ýaşlara bilim, medeniýet we döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmak, dürli halklaryň medeni gymmatlyklaryna hormat-sarpany pugtalandyrmak hem-de täze dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.