Turkmenportal logo
Düýn 09:37
70047004
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Si Szinpiniň sentýabrda ABŞ-da saparda boljakdygyny habar berdi
Surat: tass.ru

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Birleşen Ştatlara sapary 24-nji sentýabrda başlanar. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bu barada Waşingtonda geçen çärede yglan etdi diýip, TASS ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, Tramp 14-15-nji maýda Pekinde bolupdy. Waşington indi Hytaýyň Başlygynyň jogap saparyna garaşýar.

Öň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio amerikan lideriniň maý aýyndaky saparyndan duýlarlykly netije bolmandygyny, onuň diňe «dünýäde iki sany kuwwatly döwletiň liderleriniň duşuşygy» bolandygyny aýtdy.