Ýewraziýanyň açyk «Göwher kebelek» kinobaýragynyň gowşurylyşy 12-nji noýabrda Moskwada bolar. Bu barada kinobaýragyň metbugat gullugynyň «Мах» sosial torundaky ýaýlymynda çap edilen habaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Birinji baýragyň gowşurylyşy 2025-nji ýylyň noýabrynda bolupdy. Ýeňijilere kebelek görnüşdäki heýkeljikler gowşurylypdy. Olaryň bezeginde 5 müň töweregi göwher ulanylypdy. «Iň gowy film» ugry boýunça ýeňijä on karatlyk göwher görnüşinde 1 million amerikan dollaryna deň pul sylagy, galan ugurlarda bäş karatlyk göwher görnüşinde 250 müň dollarlyk sylag gowşuryldy.
Kinematografiýa sungatlarynyň ýewraziýa akademiýasy özbaşdak halkara gurama bolmak bilen, baş wezipesi ynsanperwerlik, maşgala, birek-birege hormat goýmak, watançylyk we döredijilik gymmatlyklaryny öňe sürýän kino eserlerini gözlemekden, goldamakdan we wagyz etmekden ybaratdyr.
Ýeri gelende aýtsak, geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň kinoçylarynyň «Kompozitor» atly çeper filmi «Iň gowy suratçy» ugry boýunça «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa kino baýragyna mynasyp boldy.