Turkmenportal logo
Düýn 16:05
85698569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Köýtendagdaky dinozawryň yzlary we dag gowaklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenýär

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde «Köýtendagyň karstlary, kanýonlary we gowaklary» atly serhetara tebigy desgany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlanylýan hödürnama resminamasy boýunça garyşyk görnüşde maslahat geçirildi.

Maslahata Mihael Zukkow adyndaky Tebigaty goramak gaznasynyň, Conservation X Labs guramasynyň, Slowakiýanyň Speleologiýa jemgyýetiniň, Berliniň Gumboldt uniwersitetiniň, Özbegistanyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça milli komitetiniň, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň, Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça milli toparynyň sekretariatynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda desga boýunça taýýarlanan «Ýol kartasynyň» ýerine ýetirilişine hem-de 2026-njy ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Köýtendag döwlet goraghanasynda we Özbegistanyň Surhan döwlet goraghanasynda geçirilen meýdan barlaglarynyň netijelerine garaldy.

Halkara bilermenleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen beýleki ýurtlardaky dinozawrlaryň yzlarynyň suratlaryny görkezip, olary Türkmenistanda ýüze çykarylan yzlar bilen deňeşdirdiler. Şeýle hem halkara derejesinde ykrar edilmäge mynasyp hasaplanýan Türkmenistanyň we Özbegistanyň gowaklaryna degişli fotosuratlar bilen tanyşdyryldy.

Maslahatda desga boýunça Deslapky baha beriş (Preliminary Assessment) üçin ýüz tutmany taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Bu tapgyr desganyň çäklerini kesgitlemegi, onuň esasy aýratynlyklaryny we gymmatlyklaryny ýüze çykarmagy, bolup biljek howplary seljermegi, çägi dolandyrmak bilen bagly meseleleri hem-de resminamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komiteti bilen ylalaşmagyň we oňa tabşyrmagyň tertibini öz içine alýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki Deslapky sanawy (Tentative List) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetine hödürlenipdi. Konwensiýanyň täzelenen Amal gollanmasyna laýyklykda, doly hödürnama resminamasy tabşyrylmazdan ozal gatnaşyjy döwletler Deslapky baha beriş tapgyryny geçmelidir. Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) bilermenlerinden oňyn netije alnandan soň, taraplar doly hödürnama boýunça resminamalar bukjasyny taýýarlamak we hödürlemek işine girişip bilerler.

Milli bilermenler mundan beýläk hem Mihael Zukkow adyndaky Tebigaty goramak gaznasynyň halkara geňeşçileri we özbek hünärmenleri bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyny goramak hakyndaky konwensiýasynyň täze talaplaryny nazara alyp, degişli işleri dowam etdirerler.