Turkmenportal logo
24.07.2026
95269526
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýaly ýolbaşçy dünýäde kofeniň nämüçin gymmatlajakdygynyň sebäplerini düşündirdi
Surat: ria.ru

Hytaýda kofe içgisine islegiň tiz artmagy uzak geljekde onuň tutuş dünýäde-de gymmatlamagyna eltip biler. Bu barada Braziliýanyň eksporty we maýa goýumlary öňe sürmek boýunça Moskwadaky edarasynyň (ApexBrasil)  başlygy Almir Ribeýru Ameriku «RIA Nowosti» habarlar gullugyna habar berdi.

Braziliýaly işewüriň sözlerine görä, ägirt uly hytaý bazary geljekde kofeniň ummasyz möçberlerini sarp eder, bu bolsa geljekde kofeniň ählumumy derejede gymmatlamagyna elter.