Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýüz tutmalaryna netijeli garamak maksady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň, şäher etraplarynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem bu işe degişli edaralaryň wekilleriniň 2026-njy ýylyň awgust aýynda raýatlary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy. Kabul edişlikler degişli häkimlikleriň binalarynda geçiriler.
Tassyklanan tertibe laýyklykda, Aşgabat şäher häkimliginde raýatlaryň kabul edişligi 8-nji we 22-nji awgustda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli geçiriler.
Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap häkimliklerinde bolsa raýatlaryň kabul edişligi 1-nji, 15-nji we 29-njy awgustda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli geçiriler.