Turkmenportal logo
Şu gün 12:03
56605660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tejen etrabynda adalat edaralarynyň binasyny gurmak boýunça bäşleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda döwrebap adalat edaralarynyň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäşleşik yglan edýär. Bu baradaky degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2-nji sentýabra çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.