Turkmenportal logo
24.07.2026
94619461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda «Saçakçylar partiýasy» giriş synaglary bilen bagly gepleşiklere taýýardygyny yglan etdi
Surat: theprint

Hindistanyň syýasy giňişliginde täze peýda bolan «Saçakçylar partiýasy» hereketi (Cockroach Janta Party) jemgyýetde uly nägilelik döreden, ýokary okuw mekdeplerine giriş synagy materiallarynyň bikanun elýeterli edilmegi babatda Hökümet bilen gepleşiklere taýýardygyny yglan etdi. Emma olar gepleşikleriň diňe bitarap çäkde geçirilmegini talap edýärler diýip, «Hindustan Times» gazeti habar berdi.

«Parlamentiň ýokary palatasyndaky dolandyryjy «Hindi halk partiýasynyň» ýolbaşçysy, ýurduň saglygy goraýyş we maşgalany goldamak ministri Jagat Prakaş Nanda biziň bilen gepleşikleri geçirmekçi. Ol bizi öz edarasyna çagyrdy, emma düýbünden garşy çykdyk. Eger ministrler biziň bilen gepleşmekçi bolsalar, olar halkyň arasyna barmalydyrlar» diýip, hereketiň wekili Sauraw Das habarçylara gürrüň berdi.

«Saçakçylar partiýasy» bilim ulgamynda özgertmeleriň geçirilmegini hem-de bilim ministriniň işden gitmegini talap edýär. Hereket syýasy partiýa hökmünde resmi bellige alynmasa hem, ýaşlaryň arasynda örän meşhurdyr. Ol 2026-njy ýylyň maýynda Hindistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Surýa Kant işjeňleri (aktiwistleri) we işsiz ýaşlary «saçakçylar» (tarakanlar) diýip atlandyranyndan soňra döredildi. Onuň wekilleri ýurduň lukmançylyk institutynda 2 million töweregi dalaşgäriň gatnaşan giriş synaglarynyň jogaplarynyň satylandygy sebäpli nägilelik çykyşlaryny guraýarlar. Netijede, «saçakçylaryň» talaby esasynda giriş synagynyň jemleri güýçsüz diýlip yglan edilip, dalaşgärler synagy gaýtadan tabşyrdylar.

Hindistanda «Saçakçylar partiýasy» giriş synaglary bilen bagly gepleşiklere taýýardygyny yglan etdi | Turkmenportal.com