Turkmenportal logo
Şu gün 09:20
29192919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Siziň alyp barýan parasatly syýasatyňyz netijesinde Özbegistan yzygiderli ösýär we halkara giňişlikde öz abraýyny pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris» diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti iki halkyň arasyndaky umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklara esaslanýan gatnaşyklaryň hakyky doganlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtap, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.