Turkmenportal logo
23.07.2026
1495414954
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň üç talyby Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde bir ýyllyk okuw tejribesini tamamlaýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby bir ýylyň dowamynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde bilim aldy. Olaryň okuw tejribesi şu ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanýar.

Okuw türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ähtnamanyň esasynda guraldy — diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşirinde habar berilýär.

Okuw maksatnamasyna uniwersitetiň 3-nji ýyl talyplary – Kiberfiziki ulgamlary fakultetinden Merdan Allamyradow hem-de Innowasion ykdysadyýet fakultetinden Selbi Mämmetalyýewa bilen Şasenem Şaberdiýewa gatnaşdy.

Okuw ýylynyň dowamynda ýapon uniwersitetiniň tejribeli mugallymlarynyň we ylmy ýolbaşçylarynyň goldawy bilen talyplar okuw hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşdylar. Olar öz ugurlary boýunça sapaklara gatnadylar, ýapon dilini öwrendiler, ylmy çärelere, şeýle hem uniwersitetiň merkezleri tarapyndan guralan medeni maksatnamalara gatnaşdylar.

Okuw tejribesiniň dowamynda talyplar türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek ugrunda hem işjeň çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we milli mirasy barada tanyşdyryş çykyşlaryny geçirip, diňleýjilere öz ýurdunyň baý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdylar.