Turkmenportal logo
Düýn 17:04
1003510035
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Fitch Ratings» Türkmenistana berlen «BB-» kredit reýtingini durnukly çaklama bilen tassyklady

«Fitch Ratings» Halkara reýting agentligi Türkmenistanyň emitentiň uzak möhletleýin defolt reýtingini «BB-» derejesinde «Durnukly» çaklama bilen tassyklady.

Agentligiň bilermenleriniň berýän bahasyna görä, ýurduň maliýe durnuklylygynyň esasy daýanjy öňküsi ýaly berk döwlet maliýe ýagdaýy, döwlet bergisiniň örän pes derejesi hem-de dünýäde iň iri walýuta ätiýaçlyklarynyň biriniň bolmagynda galýar.

«Fitch Ratings» Halkara reýting agentliginiň seljerijileri Türkmenistanyň daşarky likwidlilik görkezijileriniň hem iň ýokary ygtybarlylyk derejesinde saklanýandygyny belleýärler.

Agentligiň resmi hasabatynda Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygyny üpjün edýän birnäçe möhüm makroykdysady artykmaçlyga üns çekilýär. Ilki bilen, döwlet bergisiniň örän pes derejesi bellenilýär. «Fitch Ratings» Halkara reýting agentliginiň seljerijileriniň çaklamalaryna görä, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli döwlet bergisi jemi içerki önümiň (JIÖ) 2,7 göterimine çenli peseler. Deňeşdirmek üçin, «BB»kredit reýtingine eýe bolan ýurtlarda bu görkezijiniň ortaça derejesi JIÖ-niň 52,1 göterimine deňdir.

Şeýle hem, daşary ýurt borçnamalarynyň ygtybarly ýerine ýetirilmegi möhüm artykmaçlyk hökmünde görkezilýär. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda bu maksatlar üçin ediljek çykdajylar häzirki daşarky girdejileriň bary-ýogy 3,9 göterimine deň bolar. Bu bolsa degişli reýting topary boýunça ortaça 14,1 göterimlik görkezijiden tas dört esse pesdir.

Ýurduň uzak möhletleýin maliýe durnuklylygyny üpjün edýän esasy şertleriň biri hökmünde dünýäde möçberi boýunça dördünji orunda durýan tebigy gaz gorlary görkezilýär. «Fitch Ratings» Halkara reýting agentliginiň seljerijileriniň pikirine görä, iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam eder. Hususan-da, 2026-njy ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň işe girizilmeginiň netijesinde ýurtda gaz çykarylyşynyň ýyllyk möçberiniň ýene-de 10 milliard kub metr artmagyna garaşylýar.

Agentligiň bilermenleri döwletiň ykdysady syýasatynyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendigini belleýärler. Şeýle hem ýurduň bar bolan serişdeleriniň milli senagaty ösdürmäge we häzirki zaman infrastrukturasyny döretmäge netijeli gönükdirilmeginiň dowam etdiriljekdigi nygtalýar.

«Fitch Ratings» Türkmenistana berlen «BB-» kredit reýtingini durnukly çaklama bilen tassyklady | Turkmenportal.com