Turkmenportal logo
23.07.2026
99929992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Maldiwleriň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky ilçisi Şalar Geldinazarow Prezidentiň rezidentsiýasynda bolup geçen dabarada ýurduň Prezidenti Mohamed Muýzzuha ynanç hatyny gowşurdy. Ş.Geldinazarow ýurtda akreditirlenen Türkmenistanyň ilkinji ilçisi boldy diýip, Maldiwleriň Prezidentiniň edarasynyň saýty habar berýär.

Dabaraly çäre Maldiwleriň Milli goranyş güýçleriniň orkestriniň gatnaşmagynda däp bolan «Haýkolhu» dessury bilen utgaşdyryldy.

Maldiwleriň Prezidenti ynanç hatyny kabul edip, Şalar Geldinazarowy Türkmenistanyň ilçisi hökmünde resmi taýdan garşylady.

Dabaradan soň taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, şol sanda ykdysady ösüş, maýa goýumlar we özara gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň bähbitlerine gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Türkmenistan bilen Maldiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda ýola goýuldy.