Turkmenportal logo
Şu gün 14:12
60326032
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R. Alimow: Özbegistan Türkmenistan bilen elektron wiza ulgamyny ornaşdyrmak meselesiniň üstünde işleýär

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wizany ornaşdyrmak meselesiniň türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýandygyny aýtdy. Ol bu barada 23-nji iýulda geçirilen brifingde Turkmenportal internet neşiriniň habarçysynyň sowalyna jogap bermek bilen mälim etdi.

Ilçiniň sözlerine görä, 2026-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeler girizilip, elektron wiza hyzmatyny ornaşdyrmak üçin zerur hukuk esaslary döredildi. «Hukuk taýdan bu gün onuň üçin ähli mümkinçilikler bar» - diýip, Alimow belledi. Şeýle hem ol iki ýurduň konsullyk bölümleriniň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Alimow elektron wiza ulgamynyň işe girizilmeginiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we onuň Konsullyk departamenti bilen ylalaşyk esasynda amala aşyryljakdygyny, munuň üçin bolsa degişli elektron resminama görnüşleriniň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu mesele özbek tarapy üçin gün tertibindäki möhüm ugurlaryň biri bolup, türkmen hyzmatdaşlary bilen ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ilçi bu ugurda degişli çözgüdiň ýakyn wagtda kabul ediljekdigine ynam bildirdi.