Türkmenistanda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň hünärmenleri ýurtda ilkinji gezek çylşyrymly operasiýalaryň birnäçesini, şol sanda 13 sany näsagda böwrek transplantasiýasy amallaryny geçirdiler. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýyş-durmuş işjeňligi dowam edýär. Bu barada Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Saparmyrat Annamuhammedow «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda habar berdi.
Onuň beren maglumatyna görä, trawmatologiýa we ortopediýa ulgamynda hem ýurtda ilkinji gezek egin bogunynyň jemi endoprotezirowaniýasy boýunça operasiýalar geçirildi. Şäheriň hassahanalarynda we merkezlerinde hünärmenleriň daşary ýurt hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda öwrenen täze hirurgiki usullaryny ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.
Çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegi, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak maksatnamasy arkaly mümkin boldy. Şäheriň Saglygy goraýyş müdirliginiň ýanynda daşary ýurtly lukmanlar we ylym işgärleri, ilkinji nobatda Germaniýa bilen hyzmatdaşlyga jogap berýän Utgaşdyryjy merkez döredildi. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen lukmanlary Ýewropanyň lukmançylyk merkezlerinde bilim alýarlar, daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde bejerginiň we operasiýalaryň täze usullary ornaşdyrylýar. Türkmen-nemes lukmançylyk forumy yzygiderli geçirilýär.
Operasiýalaryň bir bölegi, şol sanda Köpugurly hassahanada hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde hirurgiki bejergiler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Şeýle hem gaznanyň serişdeleri arkaly Arkadag şäherinden, Aşgabatdan we ýurduň welaýatlaryndan çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýärler, soňra bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde degişli şertlerde dowam edýärler.
Döwlet tarapyndan kepillendirilen mugt lukmançylyk hyzmatlary bilen birlikde, Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynda tölegli hyzmatlar hem girizildi, ätiýaçlandyrylan raýatlar bolsa döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyryşynyň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar.
Köpugurly hassahana 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 29-da Arkadag şäherinde açylan ýediden gowrak saglygy goraýyş desgalarynyň hataryna girýär. Şäherde bu hassahanadan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi we Arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy işleýär. Tiz kömek merkezinde ýurtda ilkinji gezek gaýragoýulmasyz işleriň «123» merkezi ulgamy döredildi.