Turkmenportal logo
Şu gün 11:12
19101910
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistan 2031–2032-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalaryny saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärligini hödürledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenilişi ýaly, bu ädim ýurduň hemişelik bitaraplyk, parahatçylygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli daşary syýasatynyň kanuny dowamy bolup durýar.

Bitaraplygyň 30 ýyly

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi we soňra degişli Kararnamalar arkaly ýene-de iki gezek tassyklandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bitaraplygy diňe bir ýurduň daşary syýasatynyň konstitusion ýörelgesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmagyň halkara derejesinde ykrar edilen täsirli guraly hökmünde hem çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn bitaraplyk syýasaty mundan beýläk hem ösdürilip, halkara diplomatiýasynyň dawa-jenjelleriň öňüni almaga, dialogy ösdürmäge we halkara hukugyny berkitmäge gönükdirilen täsirli guralyna öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi.

BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykdy. Ol adaty diplomatik gatnaşyklardan strategik hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn nusgasyna öwrüldi. Türkmenistan bilen BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze Çarçuwaly maksatnamasy halkara howpsuzlygy, adam hukuklaryny goramak, durnukly ykdysady ösüş, howa gün tertibi, sanlylaşdyrmak we halkara hukugynyň hökmürowanlygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Howpsuzlyk Geňeşi bilen amaly hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň öz dalaşgärligini esaslandyrýan möhüm delilleriniň biri 2007-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldawy bilen döredilen Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezidir. Bu merkez BMG-niň ulgamynda şeýle görnüşdäki ýeke-täk düzümdir. Onuň hut Türkmenistanda ýerleşdirilmegi bolsa halkara bileleşiginiň ýurduň bitaraplyk syýasatyna bildirýän ynamynyň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezilýär.

Halkara howpsuzlygy babatda öňe sürlen başlangyçlar

Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň halkara ýyly diýip yglan etmek baradaky teklip, şeýle hem «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly konsepsiýany ilerletmek başlangyçlary bar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyçlaryň ählisi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň halkara dawa-jenjelleriniň öňüni almak we köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamyny berkitmek boýunça öňünde duran wezipelerine doly laýyk gelýär.