Turkmenportal logo
Şu gün 09:07
10481048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini 85 ýaş toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.