Turkmenportal logo
Şu gün 08:58
10431043
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini Ynkylap güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.