Turkmenportal logo
Şu gün 13:24
42604260
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi

Türkmenistanyň basketbol federasiýasy (TBF) tkm.basketball salgysynda resmi saýtyny işe girizdi. Bu barada federasiýanyň tehniki direktory Bagtyýar Ibragimow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, täze internet çeşmesi janköýerlere, türgenlere we tälimçilere ýaryşlar, milli ýygyndylaryň düzümleri, olaryň gazanan netijeleri barada maglumatlary almaga, şeýle hem federasiýanyň täzeliklerini yzygiderli yzarlamaga mümkinçilik döretmek maksady bilen döredildi.

Bagtyýar Ibragimow häzirki wagtda saýtyň synag tertibinde işleýändigini, ony maglumatlar bilen baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça işleriň ýakyn wagtda dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Saýtda ýerleşdirilen maglumata görä, Türkmenistanyň basketbol federasiýasy 1992-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda 500-den gowrak hasaba alnan türgeni we 36 sebit klubyny birleşdirýär. Federasiýanyň howandarlygynda her ýyl 100-den gowrak ýaryş geçirilýär. Gurama Türkmenistanyň milli olimpiýa komitetiniň agzasy bolup, 1998-nji ýyldan bäri Halkara basketbol federasiýasynyň (FIBA) agzasydyr. Şeýle hem ol ýurtda basketbol boýunça işi dolandyrmaga ygtyýarlandyrylan ýeke-täk gurama hökmünde ykrar edilýär.

Federasiýanyň başlygy Muhammet Sähedow, başlygyň orunbasarlary Waleriý Sitnikow we Serdar Handöwletow, baş sekretary bolsa Ahmet Kyýathanow.

Türkmen basketbolçylary halkara ýaryşlarda hem birnäçe üstünlikleri gazandylar. Hususan-da, erkekler ýygyndysy 2012-nji ýylda Hytaýyň Haýýan şäherinde geçirilen Aziýanyň kenarýaka oýunlarynda 3x3 basketbol boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Zenanlar ýygyndysy bolsa 2013-nji ýylda Kataryň Doha şäherinde geçirilen 3x3 basketbol boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy. Mundan başga-da, zenanlar ýygyndysy 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 3x3 basketbol boýunça bürünç medaly eýeledi.