Türkmenistan bilen Azerbaýjan e-TIR elektron ulgamy arkaly ýükleri daşamagyň ilkinji synag tapgyryna girişdiler. Bu barada Azerbaýjanyň Halkara awtomobil daşaýjylaryň assosiasiýasynyň (ABADA) Baş sekretary Kenan Gurbanow mälim etdi — diýip, Trend agentligi habar berýär.
Onuň sözlerine görä, taslamanyň çäklerinde ýük ilki Gazagystandan Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana getirildi. Ondan soň bolsa ony Türkmenistana ugratmak meýilleşdirilýär. Bu tapgyr iki ýurduň arasynda e-TIR ulgamy arkaly amala aşyrylýan ilkinji elektron TIR ýük daşamasy bolar. Gurbanowyň bellemegine görä, tehniki kynçylyklar ýüze çyksa-da, synag taslamasy ulgamyň kemçiliklerini ýüze çykarmaga we olary aradan aýyrmaga mümkinçilik berýändigi sebäpli möhüm ähmiýete eýedir.

Şunda e-TIR ulgamy adaty kagyz görnüşindäki TIR kitapçasynyň ornuny tutýar hem-de halkara ýük daşamalarynda resmileşdiriş işlerini çaltlandyrmaga ýardam edýär. ABADA-nyň Baş sekretarynyň nygtamagyna görä, indiki ädim elektron ýük hatyny — e-CMR ulgamyny ornaşdyrmak bolar. Onuň pikiriçe, bu ulag-logistika pudagy üçin möhüm öňegidişlik bolar. Şeýle-de ulgamyň doly derejede netijeli işlemegi üçin diňe Azerbaýjanyň däl, eýsem ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän ähli ýurtlaryň hem oňa goşulmagy zerurdyr.
Şeýle hem Kenan Gurbanow Azerbaýjanyň e-TIR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýändigini we bu ugurda zerur taýýarlyk işleriniň eýýäm tamamlanandygyny aýtdy. Onuň berýän maglumatlaryna görä, halkara ýük daşamalary üçin rugsatnamalaryň elektron görnüşindäki alyş-çalşygy häzirki wagtda Türkiýe, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan bilen amala aşyrylýar. Şeýlelikde, ýük daşaýjylar rugsatnamalary şahsy elektron ulgamlary arkaly resmileşdirip we alyp bilýärler. Bu bolsa wagty tygşytlamaga hem-de serhetde ýüze çykýan tehniki näsazlyklary çalt aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.