Turkmenportal logo
21.07.2026
96979697
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda oba hojalyk ýokary okuw mekdepleri üçin üç sany täze okuw kitaby neşir edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurduň ýokary okuw mekdepleri üçin üç sany täze okuw kitabyny neşir etdi. Olar maldarçylykda we weterinariýada zähmeti goramak, gurluşyk we meliorasiýa tehnikalaryny ulanmak, şeýle-de oba hojalyk önümlerini saklamak hem-de gaýtadan işlemek ugurlaryna bagyşlanandyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen bu okuw kitaplary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyp, uniwersitetiň çaphanasynda çap edildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

«Maldarçylykda we weterinariýada zähmeti goramak» atly okuw kitabynyň awtory uniwersitetiň Weterinariýa lukmançylygy fakultetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň müdiri, weterinariýa ylymlarynyň doktory, dosent Töre Garlyýewdir. Kitap dokuz bölümden ybarat bolup, onda weterinarçylyk-sanitariýa çäreleriniň düzgünleri, mallar bilen işleşmegiň kadalary, zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygyň talaplary, şeýle hem ejir çekenlere ilkinji kömegi bermegiň tertibi giňişleýin beýan edilýär. Okuw kitaby weterinariýa, atçylyk we zootehnika hünärlerinde okaýan talyplar üçin niýetlenendir.

«Gurluşyk we meliorasiýa tehnikalaryny ulanmak» atly okuw kitaby uniwersitetiň mugallymlary Arazgeldi Mollaýew, Aýyt Annaýew, Rejep Berdinyýazow we Kadyr Myradow tarapyndan taýýarlanyldy. Kitap bäş bölümden ybarat bolup, onda tehnikalaryň ygtybarlylygy, tehniki hyzmaty, iş düzgünleri we olardan peýdalanmagy guramak bilen bagly meseleler giňden seljerilýär. Neşir «Meliorasiýa işleriniň mehanizasiýasy» hünäriniň talyplary üçin niýetlenendir.

Üçünji okuw kitaby — «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly neşir uly mugallym Leýla Ergeşowa tarapyndan Hojadurdy Nurgeldiýew we Amannepes Amannepesow bilen bilelikde ýazyldy. Alty bapdan ybarat bolan kitapda et, süýt we ösümlik önümlerini gaýtadan işlemek, miweleri we gök önümleri saklamak, şeýle hem hünär adalgalarynyň düşündiriş sözlügi ýerleşdirilýär. Okuw kitabynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň azyk senagaty dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän ýüzlerçe görnüşli önümi öndürýär.

Bu üç okuw kitabynyň ählisi, ilkinji nobatda, degişli hünärlerde okaýan talyplar üçin niýetlenen bolsa-da, olar oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän mugallymlar we amaly hünärmenler üçin hem peýdaly gollanma bolup hyzmat edip biler.