Turkmenportal logo
Düýn 15:36
77017701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Kristin Hokinsiň bellenendigini habar berdi. Ol Aşgabatda ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hökmünde öz işine girişer. Bu çözgüt ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň diplomatik işiniň tamamlanmagy bilen bagly kabul edildi. ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň bellemegine görä, ol Türkmenistanda işlän döwründe berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugruny pugtalandyrmaga goşant goşdy.

Türkmenistandan gitmezinden öň, 2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ilçi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy diplomata iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy.

Ýatladyp geçsek, Elizabet Rudyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligi 2022-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan hödürlenipdi. Ol 2024-nji ýylyň iýul aýynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi wezipesine girişdi we şol ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy.