Turkmenportal logo
Düýn 11:13
75697569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň döredijilik wekilleri Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň festiwalynda sylaglara mynasyp boldy

Türkmenistanyň wekilleri 16–17-nji iýul aralygynda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşdylar.

Halkara festiwaly Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi bilelikde gurady.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine döredijilik işgärleri Kerim Hallyýew, Garahanjar Baýhanow we Ýusup Meredow girdi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Festiwalyň açylyş güni Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň edebiýatynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-goraghanasynyň öňündäki meýdançada Wagifiň şygyrýet günlerine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Dabarany Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Reşat Mejid hem-de beýleki edebiýat wekilleri açdylar.

Festiwalyň çäklerinde ýaş şahyrlary sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Türki dünýäsiniň medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň ösmegine goşan goşandy üçin Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gazojak şäheriniň Medeniýet öýüniň tans toparynyň ýolbaşçysy Kerim Hallyýew hem-de «Güneş» žurnalynyň habarçysy Garahanjar Baýhanow «Molla Penah Wagif» medaly bilen sylaglanyldy.

Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow TÜRKSOÝ-yň diplomy bilen sylaglandy.