Turkmenportal logo
19.07.2026
1177911779
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygynda Aşgabat Howa dialogy dörediler

Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň çözülmeginde öňe sürýän täzeçil başlangyçlarynyň biri hökmünde Aşgabat Howa dialogy dörediler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi hökmünde Aşgabat Howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Hökümet mejlisiniň dowamynda ugurdaşlykda howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Pudagara iş toparyny döretmek, Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça hem-de Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilipdi.

Ýeri gelende bellesek, agzalan halkara başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) we Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), şeýle hem halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek teklip edildi.

Degişli teklipler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan goldanyldy hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda zerur işleri alyp barmak tabşyryldy.