Angliýanyň futbol boýunça ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysyny 6:4 hasabynda ýeňdi. Oýun Maýami şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde Deklan Raýs (3-nji minutda), Ezri Konsa (18), Bukaýo Saka (37, 45+1, 87) we Jud Bellingem (90+8) tapawutlandy. Fransiýanyň ýygyndysynyň gollaryny bolsa Kilian Mbappe (48, 66), Bredli Barkolýa (54) hem-de Usman Dembele (90+6) geçirdi.
Angliýanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky bu duşuşyk dünýä çempionatlarynyň taryhynda üçünji orun ugrunda geçirilen iň netijeli oýun boldy. Mundan ozal şeýle rekord 1958-nji ýylda goýlupdy. Şol ýyl Fransiýanyň milli ýygyndysy üçünji orun ugrundaky duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysyny 6:3 hasabynda ýeňipdi.
Angliýanyň ýygyndysy taryhynda ikinji gezek dünýä çempionatynyň baýrakly orunlarynyň birini eýeledi. Topar ilkinji gezek 1966-njy ýylda öz ýurdunda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medal gazanyp, çempion bolupdy.
Dünýä çempionatynyň finalynda Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylary duşuşar. Final oýny 19-njy iýulda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar. Duşuşyk Türkmenistanda Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.