Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Bu barada DIM habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn derejesini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejeli gatnaşyklaryň we saparlaryň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň ahyrynda daşary işler ministri iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin, ilçä minnetdarlyk bildirdi we onuň mundan beýläkki hünär işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde ilçi Türkmenistanda diplomatiýa gullugyny alyp baran döwründe özüne görkezilen goldaw we ýardam üçin ýurduň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.