2026-njy ýylyň 16–17-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Griziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik forumy hem-de türkmen önümleriniň we hyzmatlarynyň köpugurly sergisi geçirildi. Bu çärelere iki ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan, ýurduň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biri «Ojar Aziýa» hem bu çärelere gatnaşyp, Sarahs – Mary – Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak taslamasyny tanyşdyrdy. Taslama Türkmenistanyň döwrebap ulag infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de onuň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky möhüm üstaşyr geçelge hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Forumyň dowamynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda Orta geçelge, şeýle hem Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Rumyniýa multimodal ugry bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan hödürlenen taslama halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça strategik ugra laýyk gelýär hem-de Türkmenistanyň sebit logistika torlaryna, şol sanda Lapis Lazuli, Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlaryna has işjeň goşulyşmagyna ýardam berip biler.

«Ojar Aziýanyň» sergä we işewürlik forumyna gatnaşmagy kompaniýanyň infrastruktura mümkinçiliklerini tanyşdyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem gurluşyk, ulag we logistika ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.