Turkmenportal logo
Şu gün 12:07
48044804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä emeli aň boýunça maslahatyň (WAIC 2026) çäklerinde ýurduň Emeli aň boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak ugrunda işjeň iş alyp barýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu resminama innowasiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we ylmy-barlag işlerini ösdürmek üçin esasy binýat bolar.

«Ýagty geljek üçin emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly forumda çykyş eden Hudaýgulyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda sanly özgertmeler boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ugurda infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar, sanly ykdysadyýet ösdürilýär we kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär.

Ministriň bellemegine görä, taýýarlanylýan Strategiýada halkara ülňülerine laýyklykda howpsuzlyk, etika, şahsy maglumatlaryň goragy hem-de algoritmleriň açyk-aýdyňlygy meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem ol emeli aňyň saglygy goraýyş, bilim, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda, suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda we daşky gurşawy goramakda uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Hudaýgulyýew Türkmenistanyň sanly infrastrukturany ösdürmek, häzirki zaman maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini döretmek, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak hem-de emeli aň tehnologiýalaryny jogapkärçilikli, howpsuz we ahlak kadalaryna laýyk ulanmagy ilerletmek ugrunda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

«Emeli aňyň geljegi hyzmatdaşlyga we umumy jogapkärçilige esaslanmalydyr. Döwletleriň, ylmy jemgyýetçiligiň we işewürligiň tagallalaryny birleşdiren ýagdaýymyzda, biz bu tehnologiýalary adamzadyň bähbidine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirip bileris» — diýip, ministr aýtdy we forumyň guralandygy üçin Hytaýyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.