Turkmenportal logo
Düýn 23:07
79747974
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Deňizýaka Türkmenbaşy we Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaklyk teklip edildi

Deňizýaka Türkmenbaşy şäheri bilen Gruziýanyň Batumi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmaklyk teklip edildi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda beýan edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, 3 ýyl mundan ozal, Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şeýle hem deňizýaka Türkmenbaşy we Batumi şäherleriniň arasynda-da doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, şeýle hem ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.