Turkmenportal logo
17.07.2026
2143021430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen geýmerleri Garagum çölünde CS2 boýunça ýaryş geçirdiler

Türkmenistanyň geýmerleri Garagum çölünde açyk asmanyň astynda Counter-Strike 2 oýny boýunça ýaryş guradylar. Çäräni Aşgabadyň LevelUp kibersport kluby hem-de Türkmenistanyň Elektron sport boýunça milli federasiýasy (TMESF) gurady. LevelUp tarapyndan çap edilen ýaryşyň wideoýazgysy sosial ulgamlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýaryşa gatnaşyjylar ilki bilen gum depeleriniň üstüne haly ýazyp, kompýuterlerini şol ýerde ýerleşdirdiler. Oýun enjamlaryny işletmek üçin bolsa açyk meýdana elektrik üpjünçiligi çekildi.

Ýaryş kibersport höwesjeňleriniň arasynda dostluk duşuşyklary görnüşinde geçirildi. Guramaçylaryň sözlerine görä, gatnaşyjylar ýaryşy tebigatda dynç alyş bilen utgaşdyryp, Garagumyň ajaýyp tebigy görnüşlerinden lezzet aldylar.

Bu LevelUp klubynyň ilkinji taslamasy däl. Mundan ozal hem klub Derweze gaz krateriniň golaýynda oýun tapgyryny geçiripdi.

Şeýle görnüşdäki çäreleriň gözbaşy 1990-njy ýyllarda dörän LAN-party (iňlisçe Local Area Network — ýerli tor) däbine daýanýar. Şol döwürde geýmerler kompýuterleri bilen bir ýere ýygnanyp, olary ýerli tora birikdirip bilelikde oýun oýnaýardylar.

Soňky döwürde adaty bolmadyk tebigy ýerlerde oýun tapgyrlaryny geçirmek dünýäniň dürli ýurtlarynda meşhurlyga eýe bolýar. Hususan-da, ozal sosial ulgamlarda hytaýly geýmerleriň kölleriň ortasyndaky ýüzýän platformalarda hem-de açyk meýdanlarda şuňa meňzeş duşuşyklary geçirýändiklerini görkezýän wideolar giňden ýaýrapdy.

Şeýle çäreleriň guramaçylary bu görnüşiň kibersport ýaryşlaryny tebigatda dynç alyş bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini, şeýle hem sosial ulgamlarda çalt ýaýraýan täsirli tomaşa ediş mazmuny döretmäge ýardam edýändigini belleýärler.