Beýik Britaniýada häkimiýet başynda duran Zähmet partiýasynyň Milli ýerine ýetiriji komiteti Mançesteriň öňki häkimi Endi Bernemi partiýanyň täze ýolbaşçysy diýip yglan etdi. Komitetiň başlygy Şabana Mahmud beýleki talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň hödürlenmändigi sebäpli Bernemiň partiýanyň ýolbaşçysy wezipesine resmi taýdan saýlanandygyny yglan etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bu barada Kommersant neşiri habar berýär.
Bu karar 17-nji iýulda geçirilen Zähmet partiýasynyň maslahatynda yglan edildi. Bernem 379 deputatyň goldawyna eýe boldy, beýleki dalaşgärleriň hiç biri partiýanyň ýolbaşçysyny saýlamak boýunça bäsleşige gatnaşmak üçin ýeterlik derejede hödürlenme sanyny almady.
20-nji iýulda, duşenbe güni Endi Bernem Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine girişer. Zähmet partiýasy parlamentdäki köplügini saklap galýandygy sebäpli, partiýanyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy onuň awtomatiki ýagdaýda hökümetiň başlygy wezipesine bellenilmegine getirýär.
Bernemiň saýlanmagyndan öň, 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda öňki Premýer-ministr Kir Starmeriň işden çekilýändigi yglan edildi. Starmer parlamentdäki partiýa toparynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ynamyny ýitirendigi sebäpli wezipesinden gitmäge mejbur boldy. Syýasatçynyň ýagdaýy maý aýynda Angliýanyň ýerli geňeşlerine, şeýle hem Uelsiň we Şotlandiýanyň parlamentlerine geçirilen saýlawlarda Zähmet partiýasynyň şowsuz çykyş etmegi bilen has-da agyrlaşdy. Şol saýlawlarda partiýa 1,5 müňden gowrak orny ýitirdi.
Saýlawyň netijeleri yglan edilenden soň eden çykyşynda Bernem geljekki Ministrler Kabinetiniň düzümini heniz kesgitlemändigini, emma ýokary derejeli ministrlerden ybarat toparynyň partiýanyň ähli ganatlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutjakdygyny aýtdy.