Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen çereşnýa üljesi ilkinji gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlaryna eksport ediler. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.
Çereşnýa üljesi Türkmenistanda täze miwe ekinleriniň biri bolansoň, Köpetdagyň etegindäki bagçylyk toplumynyň daýhanlary ony ösdürip ýetişdirmegiň ähli tehnologik aýratynlyklaryny özleşdirmeli boldular. Bagçylyk toplumynyň direktory Yhlas Hudaýnazarowyň bellemegine görä, çereşnýa üljesi bagçylyk hojalygynda iň kyn ösdürilýän ekinleriň biri hasaplanýar: ol yssyny halamaýar we ýygnalandan soň tiz zaýalanýar.
«Biz günde 16 tonnadan 20 tonna çenli miwäni gaýtadan işleýäris. Gaplanandan soň önümler uzak möhletleýin saklamak üçin sowadyjy ammarlara ýerleşdirilýär. Şol ýerden bolsa olar içerki we daşary bazarlara ugradylýar» — diýip, sowadyjy ammaryň baş hünärmeni Aman Myradow gürrüň berýär.
Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen çereşnýa üljesi ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň bazarlaryna ugradylar. Ýakynda bu ýerden Russiýa, Gazagystana we Gruziýa 300 tonnadan gowrak alma eksporta ugradyldy — diýip, çeşmede habar berilýär.