Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Angliýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýarym final duşuşygy 15-nji iýuldan 16-njy iýula geçilýän gije ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki «Mercedes-Benz Stadium» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Türkmenistanda oýnuň göni ýaýlymy Belet striming platformasynda görkeziler.
Angliýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary şu wagta çenli öz aralarynda 15 duşuşyk geçirdiler. Şolaryň altysynda Angliýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy, üçüsinde argentinalylar üstün çykdy, galan alty oýun bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy. Toparlaryň soňky ýoldaşlyk duşuşygy 2005-nji ýylda geçirilip, onda Angliýa 3:2 hasabynda ýeňdi. Soňky resmi duşuşyk bolsa 2002-nji ýylyň dünýä çempionatynda bolup, Deýwid Bekhemiň penaltiden geçiren ýeke-täk goly Angliýa ýeňiş getirdi.
Ýarym finala barýan ýol
Tomas Tuheliň ýolbaşçylygyndaky Angliýanyň ýygyndysy toparçadaky oýunlarynda Horwatiýany 4:2 hasabynda ýeňdi, Gana bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady we Panamany 2:0 hasabynda utdy. 1/16 finalda Angliýanyň ýygyndysy Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysyny kynçylyk bilen ýeňip geçdi. Garri Keýn 75-nji we 86-njy minutlarda iki gezek tapawutlandy. 1/8 finalda bolsa Angliýa 54-nji minutdan bäri azlykda oýnandygyna garamazdan, Meksikany 3:2 hasabynda ýeňdi. Çärýek finalda Norwegiýa bilen geçirilen duşuşykda topar hasaby deňläp, diňe goşmaça wagtda Jud Bellingemiň tagallasy bilen öňe saýlandy.
Argentina toparçadaky üç duşuşygy hem ýeňiş bilen tamamlady. Olar Alžiri 3:0, Awstriýany 2:0 we Iordaniýany 3:1 hasabynda ýeňdi.
1/16 finalda Lionel Skaloniniň futboçylary Kabo-Werdeniň toparyny goşulan wagtda garşydaşyň öz derwezesine geçiren golunyň kömegi bilen 3:2 hasabynda kynçylyk bilen ýeňdi. 1/8 finalda Argentina Müsüre garşy 0:2 hasabyndaky yza galmadan soň hasaby 3:2 edip, ýeňiş gazandy. Çärýek finalda Şweýsariýa bilen geçirilen oýun goşmaça wagta çenli dowam etdi. Hulian Alwares bilen Lautaro Martinesiň gollary Argentinany ýarym finala çykardy.
Esasy oýunçylar
Duşuşygyň esasy üns merkezinde bombardirleriň göreşi bolar. Lionel Messi sekiz gol bilen ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçylarynyň sanawynda Kilian Mbappe bilen bilelikde öňdeligi paýlaşýar. Garri Keýniň hasabynda bolsa alty gol bar. Şeýle hem Jud Bellingem ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ol çempionatda alty gol geçirip, Meksika we Norwegiýa garşy duşuşyklarda iki gol geçirmegi başardy. Argentinanyň hüjüminde Messiden başga-da, çärýek finalda Şweýsariýanyň derwezesine ýeňiş goluny geçiren Hulian Alwares howply oýunçylaryň biri hasaplanýar.
Eger duşuşygyň ykbaly penaltiler tapgyrynda çözülse, derwezeçileriň garşydaşlygy aýratyn gyzyklanma döreder. Angliýanyň derwezeçisi Jordan Pikford bilen Argentinanyň derwezeçisi Emiliano Martinesiň her biri ýaryşda alty gol goýberdi, emma ikisi hem penaltileri gaýtarmakda ussat derwezeçiler hökmünde tanalýar.
Bilermenleriň çaklamagyna görä, Norwegiýany ýeňenden soň ýokary ruhubelentlik bilen ýarym finala çykan Angliýanyň milli ýygyndysy duşuşygyň ýeňşe has ýakyn diýlip hasaplanýar.