Turkmenportal logo
Düýn 12:38
97479747
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalar barada gürrüň berdi

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 14-nji iýulda bellenilýän Fransiýanyň Milli baýramy bolan — Bastiliýanyň alnan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň hem-de Ermenistanyň ilçihanalarynyň diplomatlary gatnaşdy.

Dabarada Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ilçi çykyşynda mundan bir aý ozal Fransiýanyň Ewian şäherinde dünýäniň iň iri senagat taýdan ösen ýedi döwletini — Kanadany, ABŞ-ny, Germaniýany, Italiýany, Ýaponiýany, Beýik Britaniýany we Fransiýany, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň institutlaryny birleşdirýän «Uly ýediligiň» (G7) sammitiniň geçirilendigini aýtdy. Şeýle-de duşuşyga Hindistanyň we Keniýanyň wekilleri hem çagyryldy.

Çykyşyň möhüm bölegi iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Ilçi 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren duşuşygynyň hyzmatdaşlyga täze itergi berendigini belledi.

Şeýle-de ol Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýän fransuz kompaniýalaryna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, THALES telekommunikasiýa we howpsuzlyk, Bouygues Türkmen durnukly gurluşyk, TotalEnergies energetika, Carpi suw serişdelerini gorap saklamak, MBDA ýer serişdelerini dolandyrmakda we howpsuzlygy üpjün etmekde kosmos maglumatlaryndan peýdalanmak, IGN-FI milli howpsuzlyk, CLAAS Tractor bolsa oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk edýär. Mundan başga-da, ýakyn wagtda Aşgabat halkara howa menziline göni gatnaw açmagy meýilleşdirýän Air Belgium awiakompaniýasynyň taslamasy hem aýratyn bellenildi.

Çykyşda bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga hem uly üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Fransiýa institutynyň goldawy bilen 20 müňe golaý türkmen okuwçysy we talyby fransuz dilini öwrenýär. Şeýle hem ilçi Ulugdepe ýadygärliginde MAFTUR fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň işiniň dowam etdirilýändigini, Köýtendag daglarynda KRAC assosiasiýasy tarapyndan speleologik barlaglaryň alnyp barylýandygyny, şeýle-de Türkmenistandaky Fransiýa instituty tarapyndan medeni taslamalaryň, şol sanda Pol Nadaryň fotosergisiniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi Bäşinji Respublikanyň esaslandyryjysy Şarl de Gollyň «Hereketsizlik ýeňlişe deňdir» diýen sözlerini mysal getirip, Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegine çagyrdy.