Turkmenportal logo
14.07.2026
1054810548
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nor Şazli Azmi: Malaýziýa 2026-njy ýylda Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň sanynyň 10 göterim artmagyna garaşýar

Aşgabatda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri üçin Tourism Malaysia guramasy tarapyndan ilkinji okuw seminary geçirildi. Çäre Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guraldy.

Seminaryň açylyşynda Tourism Malaysia guramasynyň direktory Nor Şazli Azmi gutlag sözi bilen çykyş etdi. Onuň bellemegine görä, bu seminar guramanyň şu ýyl türkmen bazary üçin guraýan ilkinji ýöriteleşdirilen çäresi bolup, ol iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde garalýar.

Nor Şazli Azminiň sözlerine görä, 2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 müň 750 syýahatçy gezelenje bardy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 42,5 göterim ýokarydyr. 2026-njy ýylyň maý aýynyň ýagdaýyna görä bolsa, Malaýziýa eýýäm 3 müň 482 türkmenistanly syýahatçy bardy. Onuň bellemegine görä, syýahatçylaryň sanynyň artmagyna täsir eden esasy şertleriň biri Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagydyr.

Direktor çykyşynda Malaýziýanyň esasy syýahatçylyk ugurlary, şol sanda tropiki adalar, dynç alyş şypahanalary, ekosyýahatçylyk, milli aşhanasy hem-de ýurduň baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem ol Malaýziýada halal infrastrukturasynyň ýokary derejede ösdürilendigini we ybadat etmek üçin döredilen amatly şertleri belläp, ýurduň musulman syýahatçylary üçin dünýäniň iň amatly ugurlarynyň biridigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda ýurtda Visit Malaysia 2026 atly milli syýahatçylyk kampaniýasynyň çäklerinde dürli festiwallar, medeni we sport çäreleri geçirilýär.

Seminaryň dowamynda taraplar Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amaly ugurlaryny, şol sanda täze syýahatçylyk önümlerini döretmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nor Şazli Azmi Turkmenportal neşiriniň habarçysynyň 2026-njy ýylda Türkmenistandan geljek syýahatçylaryň sany baradaky çaklamalar bilen baglanyşykly soragyna jogap berip, Tourism Malaysia guramasynyň 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende syýahatçy akymynyň 10 göterim artmagyna garaşýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol türkmen syýahatçylarynyň arasynda iň meşhur ugurlaryň Kuala-Lumpur, Malakka şäheri hem-de Langkawi adasydygyny belledi.