Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýurduň nebitgaz toplumynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini nygtady — diýip, TDH agentligi habar berýär.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak, şeýle hem olary ibermegiň ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak boýunça meýilnama 108,3 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama bolsa 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem benzin öndürmek boýunça meýilnama 16 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek 11,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek 18,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek bolsa 19,4 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy meýilnamanyň 107,6 göterimine deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçylaryna nebit we gaz çykarmak boýunça meýilnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi, şeýle hem nebitgaz toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmagy we olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmagy tabşyrdy.