Turkmenportal logo
Düýn 23:02
95209520
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Lebap, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleri täzelendi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Hökümet mejlisiniň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem garaldy. Şoňa görä-de, ýurduň üç welaýatyna täze häkimler bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gol çekilen resminamalara laýyklykda:

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýew Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Hojamyrat Aşyrmyradow bellenilip, ol Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Röwşen Welmyradowiç Jumaýew Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Batyr Durdygylyjowiç Orazgylyjow bellenildi.