Türkmenistanyň küştçüleri Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl kölüniň kenarynda 30-njy iýundan 9-njy iýul aralygynda ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň çempionatynda rekord derejede 16 medal gazandylar.
Rapid, nusgawy küşt we blis görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça türkmen türgenleri 3 altyn, 6 kümüş we 7 bürünç medal eýelediler. Bu netije Türkmenistanyň küşt sportunyň taryhynda bir halkara ýaryşynyň çäklerinde gazanylan iň ýokary üstünlik boldy.
Rapid boýunça ýaryşlarda türkmen küştçüleri jemi 5 medal: 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.
Nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň wekilleri 6 medala mynasyp boldular. 10 ýaşa çenli gyzlaryň (G10) ýaş toparynda Bägül Jumaýewa altyn medal gazandy. Annamuhammet Hommadow (U20) we Lälä Şöhradowa (G20) kümüş medallaryň eýeleri boldular. Bürünç medallary bolsa Merýem Rüstemowa (G8), Dilber Hupbyýewa (G12) hem-de Jahan Rejepowa (G16) gazandy.
Blis boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen küştçüleri 5 medal: 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Aly Ahmedow (U14) bilen Şageldi Gurbandurdyýew (U18) kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medallary Merýem Rüstemowa (G8), Dilber Hupbyýewa (G12) hem-de Nazar Narymanow (U12) eýeledi.
Çempionata Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan jemi 479 küştçi gatnaşdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çempionata gatnaşmagy Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermegi bilen guraldy.